ýetişdirmek ýe‧tiş‧dir‧mek işlik

  1. Idedip ösdürmek, gözegçilik edip ulaltmak, kemala getirmek.

    • Ak altynyň rekord hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin, kolhoz meýdanynda tutanýerli zähmet çekýäris. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  2. Terbiýeläp ösdürmek.

    • Biz ony meşhur razwedkaçy edip ýetişdirerdik. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Wagtynda eltip bermek, öz möhletinde eltmek, gowşurmak.

    • Kim pälesini ýetişdirmese, eýgilik tamasyny etmeli däldigini hem duýdurdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Bir zady bellenen wagta taýýarlap häzir etmek.

    • Makalany şu aýda ýetişdirerin.


Duş gelýän formalary
  • ýetişdirdi
  • ýetişdirdiler
  • ýetişdirdiň
  • ýetişdirdiňiz
  • ýetişdireliň
  • ýetişdiren
  • ýetişdirendigini
  • ýetişdirendiklerine
  • ýetişdirendiklerini
  • ýetişdireniň
  • ýetişdirenler
  • ýetişdirenlerinde
  • ýetişdirenleriniň
  • ýetişdirenmiş
  • ýetişdirerdik
  • ýetişdirerdiler
  • ýetişdirerin
  • ýetişdireris
  • ýetişdirersiň
  • ýetişdirip
  • ýetişdiripdik
  • ýetişdiripdir
  • ýetişdiripdirler
  • ýetişdiripdiň
  • ýetişdirjek
  • ýetişdirjeklerini
  • ýetişdirmedik
  • ýetişdirmegi
  • ýetişdirmeginden
  • ýetişdirmeginiň
  • ýetişdirmegiň
  • ýetişdirmejek
  • ýetişdirmek
  • ýetişdirmekde
  • ýetişdirmekden
  • ýetişdirmekdir
  • ýetişdirmeklerini
  • ýetişdirmeklige
  • ýetişdirmekligi
  • ýetişdirmekligiň
  • ýetişdirmeklik
  • ýetişdirmeklikde
  • ýetişdirmeklikdir
  • ýetişdirmeli
  • ýetişdirmelidigini
  • ýetişdirmelidir
  • ýetişdirmese
  • ýetişdirmeýärdi
  • ýetişdirmäge
  • ýetişdirseler
  • ýetişdirseň
  • ýetişdirýän
  • ýetişdirýändigi
  • ýetişdirýändikleri
  • ýetişdirýändiklerini
  • ýetişdirýänler
  • ýetişdirýänliginde
  • ýetişdirýänligiňiz
  • ýetişdirýär
  • ýetişdirýärdi
  • ýetişdirýärdim
  • ýetişdirýärdiň
  • ýetişdirýäris
  • ýetişdirýärler