Talaby kanagatlandyryp biljek, gerek bolan mukdardaky, kanagatlanarlyk.
Pökgen gumdaky goýun sürülerine iberilen ot-iýmleri hezirlikçe ýeterlik hasaplady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ol ýeterlik ýatmandy. («Mydam taýýar» gazeti)
Bes, bolýar, ýetik.
Aýdylanlar ýeterlik.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýeterlik - ýeterligi.