ýeter-ýetmez ýe‧ter-ýet‧mez

  1. Uzynlyk taýyndan gyltyz gelýän, çala ýetip-ýetmeýän, zordan ýetýän (ýüp we ş. m. zatlar hakda).

    • Şu sagat bag hem onuň goşaryna ýeter-ýetmez bolýar.

  2. Çala ýeter ýaly, zordan ýeter ýaly.

    • Gyz bir almany Temmeliň eli ýeter-ýetmez ýerde goýupdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  3. Ýeterlik mukdarda däl, az mukdarly, gyltyz kakýan, ýetjegi ýa ýetmejegi näbelli.

    • Halylyk ýüpümiz ýeter-ýetmez boldy.

  4. Göçme manyda Bolar-bolmaz, bolgusyz, ýigrenji, binamys, bigaýrat, ugursyz, bihepbe (adam hakda).

    • Men, elbetde her ýeter-ýetmez bilen başymy deňläp bilmen ahyry! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Her ýeter-ýetmeziň bize dyrnagyny uzadyp biljek gümany barmy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • ýeter-ýetmeziňki
  • ýeter-ýetmezleriň