[ýesi:r]
Duşmanyň eline düşen we azatlykdan mahrum edilen, ýesirlikdäki, bendi edilen adam.
Ol hem şäheriň aýallary, ýesirleri bilen bile sürüldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göçme manyda Bir zady höwes ediji, hyrydar.
Bu hem şol Öwezjanyň ýesiridir. («Görogly» eposy)
Bu siziň goňşyňyz we şeýda sesiňiziň şygy hem ýesiri Berdi suratçy. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)
Ýesirlikde ýaşamak.
Ýaga düşmek, ýesir bolmak ölümden bolup, biziň namysymyza degýärdi. (A. Gowşudow, Eserler)
Duşmanyň eline düşmek, duşman tarapyndan ýesir alynmak, bendi edilmek.
Ýesir düşen soldaty gynaýarlar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)