ýeserlik ýe‧ser‧lik

  1. Mekirlik, hilegärlik.

    • Ýeserlikler etdi düz tutman pälin, «Pukaradyr» diýip ýazdy baý oglun. (B. Kerbabaýew, Poemalar)

    • Ýeserlik bilen, Pökgene garady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Gadymky sadalykdan başga ýeserlik ýokundysyny saýgarmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ol şeýle bir ýeserlik bilen mylaýymsyrady welin, komandir bu ýeserlikleriň düýp mazmunyny eýýäm aňlady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Göçme manyda Pähimlilik, ýitilik, başarnyklylyk, daşdan görüjilik, dogumlylyk.

    • Bu işde batyrlyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik, çydamlylyk, ýeserlik hem başarjaňlyk -- hemmesi birden gerekdir. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ol örän ykjamlyk we ýeserlik bilen göni yzyna öwrüldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýeserlik bilen gürrüň etmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýeserlik - ýeserligi.


Duş gelýän formalary
  • ýeserlige
  • ýeserliginiňem
  • ýeserligiň
  • ýeserlikler
  • ýeserliklerine
  • ýeserlikleriň
  • ýeserlikli