ýerliksiz sypat

  1. Ýerlikli bolmadyk, ýagdaýa dogry gelmeýän, gelşiksiz, oňaýsyz, nähak.

    • Elli öz aýalynyň üstüne dile alyp bolmajak ýalan myjabatlar we ýerliksiz töhmetler atdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ýerliksiz gygyryşmak, biderek ýere ýaňrap ýörmek saňa näme gerekdi? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Ugursyz, bihepbe, biderek.

    • Ýerliksiz adam.


Duş gelýän formalary
  • ýerliksizdi
  • ýerliksizdigini
  • ýerliksizdir
  • ýerliksizligi
  • ýerliksizligini
  • ýerliksizlik
  • ýerliksizräk