ýelmeşmek işlik

  1. Bir zada ýelmenip galmak, bir zada ýelmenmek, biri-birine berk ýapyşmak.

    • Çaganyň eýere berk ýelmeşenini aňladylar. («Görogly» eposy)

    • Şirin Merediň kebzesine ýelmeşip duran köýneginiň ýel berlen böwen ýaly, kem-kemden çişip ugraşyna syn etdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Biri ýa-da bir zat bilen aýrylyp bilmez ýaly bolmak, baş goşmak.


Duş gelýän formalary
  • ýelmeşdi
  • ýelmeşdi-de
  • ýelmeşdiň
  • ýelmeşen
  • ýelmeşende
  • ýelmeşendigi
  • ýelmeşendigini
  • ýelmeşendir
  • ýelmeşeni
  • ýelmeşenini
  • ýelmeşer
  • ýelmeşip
  • ýelmeşipdi
  • ýelmeşipdir
  • ýelmeşme
  • ýelmeşmedik
  • ýelmeşmegi
  • ýelmeşmeginde
  • ýelmeşmegini
  • ýelmeşmeginiň
  • ýelmeşmek
  • ýelmeşmekleri
  • ýelmeşmeklik
  • ýelmeşmese
  • ýelmeşmesi
  • ýelmeşmesine
  • ýelmeşmez
  • ýelmeşmezligi
  • ýelmeşmäge
  • ýelmeşse
  • ýelmeşäýjek
  • ýelmeşýän
  • ýelmeşýändigini
  • ýelmeşýänligini
  • ýelmeşýär
  • ýelmeşýärdi
  • ýelmeşýärler