seret bir 1
Biz-ä öz leýtenantymyzy bilýäris, ozal bular ikimi, ýekemi, onçasyna beletçiligimiz ýok. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ata-enesiniň ýeke zürýady. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Diňebir, ýalňyz, diňe.
Aýnanyň ýeke daşky görnüşi däl, onuň içki gylygy hem birneme üýtgäpdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gulluhan, sen ýeke şu gün däl, hemişe ýalňyşýarsyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýeke çykana -- ýeke kesek. (nakyl)
Ýekäniň çaňy çykmaz. (nakyl)
Ýeke gezen heder eder. (nakyl)
Ýeke bolup ýol tapandan, köp bolup azaşan ýagşy. (nakyl)