ýeňse ýeň‧se

  1. Kelläniň, kelle süňküniň yz tarapy, arka tarapy.

    • Arçyn börügini çykaryp, ýeňsesi tüňňüçli takyr kellesini sypady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Utulan ýeňsesini gaşar. (nakyl)

  2. Bir zadyň arka tarapy, yz tarapy, tyl.

    • Aýlaryň şatlygna bilbil heň etdi, Şol wagt ýeňseden bir göwre ýetdi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  3. Kömekçi söz rolunda:

    • Duşmanlaryň ýeňsesinde bolan bir söweşde bular ýedi adam bolup duşmanyň gabawyna düşdüler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

ýeňse bermek

Gaçmak, yza çekilmek, ejizlemek, ýeňilmek.

  • Duşmanyň bir toparynyň basgy bolandygyny görüp, ikinji topary hem ýeňsäni berip gaçdy. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)

ýeňse damaryň gatamak

Gaty gaharyň gelmek, gazaba münmek.

ýeňse öwürmek

Gaçmak, yza gaýtmak, öwrülip çekilmek.

ýeňse tüňňertmek

Nägilelik bildirmek, öýkelemek, gaharlanmak.

ýeňsäňden tutulmak

ýeňsäňi el ýaly etmek

Ýok bolup gitmek.

  • Ol gorkusyna ýeňsesini el ýaly etdi.


Duş gelýän formalary
  • ýeňse-de
  • ýeňsede
  • ýeňseden
  • ýeňsedenem
  • ýeňsedäki
  • ýeňseleri
  • ýeňselerinden
  • ýeňselerine
  • ýeňselerini
  • ýeňseleriniň
  • ýeňseligi
  • ýeňseligine
  • ýeňseligini
  • ýeňselik
  • ýeňsem
  • ýeňsesi
  • ýeňsesin
  • ýeňsesinde
  • ýeňsesindedi
  • ýeňsesinden
  • ýeňsesindenem
  • ýeňsesindäki
  • ýeňsesine
  • ýeňsesini
  • ýeňsesiniň
  • ýeňsä
  • ýeňsämde
  • ýeňsämden
  • ýeňsäme
  • ýeňsämi
  • ýeňsämiz
  • ýeňsämizden
  • ýeňsämize
  • ýeňsäni
  • ýeňsäniň
  • ýeňsäň
  • ýeňsäňde
  • ýeňsäňden
  • ýeňsäňdäki
  • ýeňsäňe
  • ýeňsäňi
  • ýeňsäňizi