Özüňden uly agaňyň aýaly.
Ýeňňesi bolsa bulara nahar alberip, hemişekisi ýaly çagalary bilen öz otagyna girdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Stola täze ak skatert ýazyp, Ýeňňe, baldyz otyr bir zada gyzgyp. (T. Esenowa, Güller)
Özüňden ýaşy uly bolan nätanyş aýala ýüz tutulyp aýdylýan söz.
Ýeňňe, näme habar bilen gelipdiň? -- diýip, Pökgen sorady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)