ýazmazlyk ýaz‧maz‧lyk

[ýa:zmazlyk]

Öz günüňe goýmazlyk, halys etmeklik, irizmezlik.

  • Öýlänçi ýene turup ugrady, bu bizi asyl ýazmajakmyka?! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýazmazlyk - ýazmazlygy.

ylgawyny ýazmazlyk

Durman ylgamak, birsyhly ylgap gitmek.

  • Emma Wepa ylgawyny ýazman, eýýäm tümmejikleriň arasynda ýitip gidipdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • ýazmazlyga
  • ýazmazlygy
  • ýazmazlygym