Bir zadyň ýüzüne grafiki bellikleri, alamatlary şekillendirmek.
Ol elindäki galamy bilen ak kagyzyň ýüzüne nämedir bir zat ýazandan soň ýene Myradyň ýüzüne seretdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Bir eser döretmek, bir tekst düzmek.
Andalyp «Leýli-Mežnuny» ýazmakda halk dilini esas edinýär. («Edebiýat»)
Bir zat hakda hat üsti bilen habar bermek, beýan etmek.
Gazetlerde pagtaçylaryň zähmet üstünlikleri hakda ýazýarlar.
Bir zat üçin biriniň adyny spisoga goşmak.
Düşäp goýmak, düşek atmak, düşemek.
Nurjahan keçä ýazandan soň, demlän çaýyny basyryp goýdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Garýagdy aga çadyryň işigine brezent ýazýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gözel ýerinden turup, saçagy alyp, Altynyň öňünde ýazyp goýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ýaýradyp goýmak, pytradyp goýmak, ýaýratmak.
Artyk çermelgi ýeňini düýürmelgi balagyny ýazman, alaň samanyň üstüne çykyp garady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýygyrdyny düzlemek, büzülen ýerini tekizlemek.
Ol galstugynyň ýygrylan ýerini ýazyp başlady. («Mydam taýýar» gazeti)
Gatyny açmak, düýrümini ýazgyn hala öwürmek.
Ökje götermek, gaçmak.
Gümmürdi çykan wagty men arkanlygyma ýazdym. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
seret aýak
seret bil
Meret bilini ýazdy-da: -- Agşamyna bize gel! -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ene igini bir ýana goýup, bükülen bilini ýazdy. (M. Ibrahimow, Ol Günler Geler)
seret dyz
Ýylgyryp gobsundy, aýaklaryny uzadyp dyzyny ýazdy. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
seret öýke
Çerkeziň öýkesi nähili ýazjagyna akly ýetmän, birdenkä seslenenini hem duýman galdy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Geregim, şonuň öýkesini ýazsaň hem biziň üçin uly sylag etdigiň! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýüzin ýykmak, ýykmak.
Bars edil ok atylan ýaly bolup, onuň üstüne zyňýar, ýere ýazyp bokurdagyndan alýar, öldürdim edip taşlap gidýär. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
[ýa:zmak]
Bir zat ýerinden sypmak, çözülmek.
Gapan ýazypdyr, emma onuň üsti boşdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Onuň köýneginiň iligi ýazypdyr.
Ýerinden çykmak, döwülmek.
Onuň äňi ýazaýsa nätjek, alyň, onuň agzyndaky zady! -- diýdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)
Ondan soň ol nädip: -- Oňurgam ýazdy-la! -- diýip gygyrmasyn. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Başka ýana sowulmak, başga tarapa öwrülmek.
Ondan soň gürrüň başga tarapa ýazdy. Oýnuň soňunyň çyna ýazýanyndan seniň habaryň ýokmy? (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Bagdan boşamak, daňydan sypmak.
seret akyl
Sen akylyňdan ýazaýan-a dälsiň?! («Kolhoz günleri»)