[ýa:zlyk]
Ýaz paslynda ekilip hasyly ýygnalýan, ýaz paslynda ekilýän.
Ol ýerde ýazlyk bugdaýdan başga düme künji, nohut we gawun-garpyz ýaly ekinler-de emele gelýärdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýazlyk - ýazlygy.