[ýa:zlag]
Ýaz aýlary goýun sagmak, ekin-dikin ýygnamak we ş. m. üçin göçülip barylýan otluk, suwluk ýer, öri meýdany.
Siz sagymçylary belläpsiňiz, emma ýazlag meýdanyndan mesge bilen süýdi punkta daşap tabşyrmak üçin ýörite adam bellemänsiňiz. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Gum tozaýar, oba ýazlaga göçýär, ýene-de şu gola göçüp gelýär. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)