Takdyr, täleý, ykbal, kysmat, bagt.
Emma şol iki topçynyň ýazgydynyň näme bilen gutaranlygy hiç kime mälim bolman galdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Hut özleriniň ýazgydy ýöçülýän şu meselede gyzlaryň erk-ygtyýary öz ellerindedir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýazgyt - ýazgydy.