[ýa:zgarmak]
Nädogry edilen iş üçin käýemek, günäkärlemek, aýyplamak, garalamak.
Goý, meni il ýazgarsyn hem kowsun! -- diýip, ol pikire çümdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Brigadirler ýeri-ýerden ony berk ýazgardylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Berk ýazgaryp mekdep bilen komsomol, Munuň ýala salgy berýär dogry däl. (A. Haýydow, Gök asman)
Jeza bermek.
Maýam, menem kanun meni ondean hem beter ýazgarsyn. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)