Düşetmek, atdyrmak (düşek hakda).
Ýygyrdyny düzletmek, büzülen ýerini tekizletmek, epinini dogrulatmak, gatyny açdyrmak, düýrümini ýazgyn hala öwürtmek; giň ýaýratdyrmak, pytratdyrmak (mata we ş. m. hakda).
Seredip goýdurmak, serdirmek (geýim-gejim, düşek we ş. m. hakda).
[ýa:zdyrmak]
Bir zady ildirilen ýerinden sypdyrmak, boşatmak, çözmek.
Ol köýneginiň ýeňleriniň iligini ýazedyryp, penjeginiň ýeňi bilen tirseginden geçirip çermedi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Iliklerini ýazdyryp, gursagyny giň açyp, hat işi bilen meşguldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Onuň äňini ýazdyrdyňyz! -- diýdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)
Aşyklyny ýazdyrmak.
Göçme manyda Başga ýana sowmak, öwürmek (gep, gürrüň we ş. m. hakda).
Atajanow bir gezek oňa bir ýanyny oýna, ikinji taýyny çyna ýazdyryp jogap gaýtarypdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Oňa bir topar soraglar berip, gürrüňini gök ekinçilikden ýazdyrdym. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Daňydan boşatmak, daňydan aýyrmak.
Ýük ýazdyryp, yssy ýatyşýança garaşmajak, alaç ýok! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Menzilme-menzil düşläp, ýük ýazdyrýarys. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
seret gulak
Kimisi tüpeňine ok salýar, kimisi nyşana çenäp gulagyny ýazdyrýar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)