ýatyrmak ýa‧tyr‧mak işlik

  1. Uzynlygyna gyşartmak, süýndürip goýmak, kesertmek.

    • Meni göterip alyp gidip, öz öýünde bir mahmal körpeçäniň üstünde ýatyrdy. (Myraly)

    • Graf Dorrer onuň goltugyndan tutup, diwanyň üstünde ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Uka gidermek, uklatmak.

    • Çagany ýatyrmak.

  3. Ormak, ýygmak.

    • Gök deňiz ýaly meýdany ýaňlandyryp, dört sany traktor yzy senokosly ot ýatyryp ýör. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Ot ýatyrmak we başga işlerde işleýän kolhozçylar gowaça otamaga çekilýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Içine salyp goýmak, içine basmak (önüm duzlananda we ş. m.).

    • Pomidory duza ýatyrmak.

  5. Bes-etdirmek, duruzmak, togtatmak.

    • Men 1916-njy ýylda Horezmde bolan gozgalaňy ýatyrmaga gelen Galkinden gaçyp gaýtdym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Maşyny ýatyrmak.

bagtyny ýatyrmak

seret bagt

  • Näme etjek bir pahyryň çagasynyň bagtyny ýatyryp, goý, ebtini agdyrsyn ýörsün! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ýatyran
  • ýatyranda
  • ýatyrandan
  • ýatyrandygy
  • ýatyrandygyny
  • ýatyrandygynyň
  • ýatyranlar
  • ýatyranlara
  • ýatyranlaryndan
  • ýatyranok
  • ýatyranoklar
  • ýatyransoň
  • ýatyrany
  • ýatyranymyzdan
  • ýatyranyndan
  • ýatyrar
  • ýatyrara
  • ýatyrardylar
  • ýatyrarlar
  • ýatyraýyn
  • ýatyrdy
  • ýatyrdy-da
  • ýatyrdyk
  • ýatyrdylar
  • ýatyrdym
  • ýatyrdyň
  • ýatyrdyňmy
  • ýatyrjagyny
  • ýatyrjak
  • ýatyrjakdygyny
  • ýatyrjakdyr
  • ýatyrma
  • ýatyrmady
  • ýatyrmadyk
  • ýatyrmadyň
  • ýatyrmaga
  • ýatyrmaga-da
  • ýatyrmagy
  • ýatyrmagyna
  • ýatyrmagyndan
  • ýatyrmagyny
  • ýatyrmagynyň
  • ýatyrmagyň
  • ýatyrmagyňyzy
  • ýatyrmak
  • ýatyrmakda
  • ýatyrmakdan
  • ýatyrmakdyr
  • ýatyrmaklaryny
  • ýatyrmaklyga
  • ýatyrmaklygy
  • ýatyrmaklygyň
  • ýatyrmaklyk
  • ýatyrmakçy
  • ýatyrmalary
  • ýatyrmalarynyň
  • ýatyrmaly
  • ýatyrmalydyr
  • ýatyrmalyň
  • ýatyrman
  • ýatyrmandyr
  • ýatyrmasaň
  • ýatyrmaz
  • ýatyrmazdan
  • ýatyrmazdy
  • ýatyrmazlyk
  • ýatyrmaýar
  • ýatyrmaýardy
  • ýatyrmyş
  • ýatyrsa
  • ýatyrsak
  • ýatyrsalar
  • ýatyrsam
  • ýatyrsaň
  • ýatyrsyn
  • ýatyrsynlar
  • ýatyryp
  • ýatyrypdylar
  • ýatyrypdyr
  • ýatyrypdyrlar
  • ýatyrýan
  • ýatyrýana
  • ýatyrýandygy
  • ýatyrýandygyny
  • ýatyrýandyklaryny
  • ýatyrýar
  • ýatyrýar-da
  • ýatyrýardy
  • ýatyrýardylar
  • ýatyrýarka
  • ýatyrýarlar
  • ýatyrýarys