[ýa:tlatmak]
Ýadyna düşürmek, ýadyna salmak, göz öňüne getirtmek.
Çernyşowyň ýakymly sözi Artyga hemişeki Iwan Timofeýewiçi ýatlatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Iwan Timofeýewiç, sen nämäni ýatlatmak isleýärsiň?! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Söwda gaýtarmak aýyp bor, oglum! -- diýip, däneden zyýan ýetmejegini ýatlatdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýatlatmak - ýatladýar, ýatladar, ýatladypdyr.