ýatak ýa‧tak 1

Mallaryň gijesine ýatýan, saklanýan ýeri, agyl.

  • Ýaby bolsa hiç ýere sowulman, göni ýatagyna baryp durdy. Ol ýabyň ýatagyna bardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ondan aňyrrakda mal ýatagynda daňylgy çal eşek ýüzüni sortduryp dur. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýatak - ýatagy.

ýatak ýa‧tak 2

seret ýatagan

  • Jommy batyr, ýöne ol pil ýaly ýatak, uklandan soň, geýimini sypyrsaň hem bilenok. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýatak - ýatagy.


Duş gelýän formalary
  • ýataga
  • ýatagam
  • ýatagy
  • ýatagydy
  • ýatagydyr
  • ýatagym
  • ýatagymy
  • ýatagymyza
  • ýatagymyzyň
  • ýatagyna
  • ýatagynda
  • ýatagyndaky
  • ýatagyndan
  • ýatagyny
  • ýatagynyň
  • ýatagyň
  • ýatagyňa
  • ýatakda
  • ýatakdaky
  • ýatakdan
  • ýatakdy
  • ýataklar
  • ýataklara
  • ýataklarda
  • ýataklardaky
  • ýataklardan
  • ýataklary
  • ýataklarydyr
  • ýataklaryna
  • ýataklarynda
  • ýataklaryndaky
  • ýataklaryndan
  • ýataklaryny
  • ýataklarynyň
  • ýataklaryň
  • ýatakly