ýat ýat 1

[ýa:t]

Aň-düşünjede, pikirde galan zatlary huşa getirip bilmek ukyby, huş, zehin, aň, oý.

  • Bu wagtlardaky durmuş biziň ýadymyza-da düşenokdy ahyry! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýadymda bar otuz ýyllar ozallar, Şol bag ýeri tozap ýatan aýtymdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýigidiň şu durşy edil awa göz dükýän bürgüdi ýadyňa salýardy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýat - ýadym, ýadyň.

ýat ýat 2

[ýa:t]

  1. Öz maşgalaňdan bolmadyk, garyndaş däl, keseki, özge, nätanyş.

    • Emma Gogol Italiýada-da özüni ýat we ýeke duýýardy. (N. B. Gogol, Eserler)

    • Çaýhanada ýat adamlar hem bardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Biri ýa-da bir zat bilen ýakynlygy bolmadyk, garaýşy, duýgusy, düşünjesi boýunça daş bolan, üzňe bolan.

    • Tilki üçin maşyn, elbetde, ýatdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýat - ýadym, ýadyň.


Duş gelýän formalary
  • ýada
  • ýadady
  • ýadadygam
  • ýadadyk
  • ýadadymy
  • ýadam
  • ýady
  • ýady-da
  • ýadydyr
  • ýadym
  • ýadyma
  • ýadymda
  • ýadymdady
  • ýadymdadyr
  • ýadymdan
  • ýadymdanam
  • ýadymyz
  • ýadymyza
  • ýadymyzda
  • ýadymyzdadyr
  • ýadymyzdan
  • ýadyn
  • ýadyna
  • ýadynda
  • ýadyndady
  • ýadyndadyr
  • ýadyndaky
  • ýadyndan
  • ýadyny
  • ýadynyň
  • ýadyň
  • ýadyňa
  • ýadyňda
  • ýadyňdadyr
  • ýadyňdamy
  • ýadyňdan
  • ýadyňky
  • ýadyňy
  • ýadyňyza
  • ýadyňyzda
  • ýadyňyzdadyr
  • ýadyňyzdamy
  • ýadyňyzdan
  • ýat-da
  • ýatda
  • ýatdamy
  • ýatdan
  • ýatdanam
  • ýatdy
  • ýatdygyny
  • ýatdyk
  • ýatdylar
  • ýatdym
  • ýatdymy
  • ýatdymyka
  • ýatdyr
  • ýatdyň
  • ýatdyňmy
  • ýatdyňyz
  • ýatdyňyzmy
  • ýatlar
  • ýatlara
  • ýatlarda
  • ýatlardan
  • ýatlardy
  • ýatlarmy
  • ýatlary
  • ýatlary-da
  • ýatlaryn
  • ýatlaryna
  • ýatlarynda
  • ýatlaryndan
  • ýatlaryny
  • ýatlarynyň
  • ýatlaryň
  • ýatlaýyn
  • ýatly
  • ýatlygyny
  • ýatlygyň
  • ýatlyk
  • ýatmyş
  • ýatmyşam
  • ýatsyz
  • ýatça