ýassyk ýas‧syk

Ýatylanda kelläň aşagyna goýmak, ýassanmak üçin ulanylýan dört burç, içi per ýa-da pagta bilen doldurylan ýumşak öý goşy.

  • Jigim kellesini ýassyga goýan badyna uka gitdi. («Pioner» žurnaly)

  • Men olardaky ýelek ýassyklary görüp, örän geň galdym. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýassyk - ýassygy.

başyň ýassyga ýetmek

seret baş 1

  • Garry başy ýassyga ýetende, ogluna wesýet etdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

boýny çapgy ýassygy ýaly bolmak

seret boýun

  • Meniň naharymy iýip, boýnuň çapgyýassygy ýaly, garnyň tulum ýaly boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

ölüm ýassygynda ýatmak

seret ölüm 1

  • Gaýly gündegar içinden tapanmyş, Ölüm ýassygynda ýatan Mämmedi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

ýanyň ýassyga berilmek

seret başyň ýassyga ýetmek başyň ýassyga ýetmek

  • Gyşyň ahyrynda, urşuň öň ýany, Berildi birdenkä ýassyga ýany. (A. Kekilow, Söýgi)

ýassyk agajy

Üstünde et we ş. m. zatlar çapmak üçin ýörite kesilen ýogyn agaç bölegi.


Duş gelýän formalary
  • ýassyga
  • ýassygam
  • ýassygy
  • ýassygym
  • ýassygymyň
  • ýassygyn
  • ýassygyna
  • ýassygynam
  • ýassygynda
  • ýassygyndaky
  • ýassygyny
  • ýassygynyň
  • ýassygyň
  • ýassykda
  • ýassykdaky
  • ýassykdan
  • ýassykdyr
  • ýassyklar
  • ýassyklara
  • ýassyklardan
  • ýassyklary
  • ýassyklaryny
  • ýassyklarynyň
  • ýassyklaryň
  • ýassykly
  • ýassyksyz