ýassanmak işlik

Bir zady ýa-da ýassygy kelläniň ýa-da tirseginiň aşagyna goýup, gyşaryp ýatmak.

  • Jommy şol ýerde telpegini ýassanyp, süýji ukuda hor çekip ýatan eken. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ol bir dessäni ýassanyp, arkan ýatan ýerinden mawy asmana tomaşa edip başlady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Bir syhly yzyna garanjaklaýan Çerkez möjegiň uzyn-uzyn pallanyny, iň soňunda garysyny ýassanyp galanyny saýgardy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)


Duş gelýän formalary
  • ýassanan
  • ýassananyndan
  • ýassananyň
  • ýassanardy
  • ýassandy
  • ýassanmak
  • ýassanyp
  • ýassanypdyr
  • ýassanypdyr-da