Tebigy bolmadyk, hakyky dällik, emeli el bilen edilen, ýasalan.
Aslynda meniň umumy, ýasama bezegleri nähili ýigrenji görýänimi özüňiz gowy bilýärsiniz ahyry, Petr! -- diýip, sözüniň üstüne goşdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ýasama Dişler.
Çyn bolmadyk, ýalandan edilen, ýalan.
Ol özünde ýasama ünji döretmek üçin gaşlaryny çytdy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Goja Çowdurowyň getiren mysallaryny Halapow öz ýasama logikasyna görä gurplurak hasap etdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Durdynyň ýüzündäki ýasama ýylgyryş el bilen alnyp taşlanan ýaly boldy. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)
Onuň sýužeti gyzyklandyrmak üçin, ýasama konfliktlere ýüzlenýän wagtlaryna-da duş gelmek bolýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)