ýas

[ýa:s]

Aradan çykana gynanç bildirip tutulýan matam.

  • Zalda zaryn ýaz heňi iňňldeýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Uzyn günläp ýasa batsa-da bu jaý, Töhmetiň hökümi edildi berjaý. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýas tutmak

Öleni ýatlap, belli bir wagtyň dowamynda saz-söhbet, toý-tomaşany terk edip, gynanç bildirmek, öleni ýatlap, gözýaş bilen matam tutmak.

  • Ýarlarymyz, enelermiz ýas tutup, Gara lybas atmasynlar üstüne. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Geçirdi ýas tutup, kepetmän gözün, Hiç dürsäp bilmedi bir bada özün. (A. Kekilow, Söýgi)


Duş gelýän formalary
  • ýas-da
  • ýasa
  • ýasady
  • ýasadyk
  • ýasadymyka
  • ýasda
  • ýasdaky
  • ýasdan
  • ýasdygy
  • ýasdygyň
  • ýasdykda
  • ýaslar
  • ýaslarynda
  • ýaslaryny
  • ýaslaryň
  • ýasly
  • ýaslydyr
  • ýaslysy
  • ýasy
  • ýasydyr
  • ýasyn
  • ýasyna
  • ýasynam
  • ýasynda
  • ýasyndaky
  • ýasyndan
  • ýasyny
  • ýasynyň
  • ýasyň
  • ýasyňy