ýarty ýar‧ty sypat

[ýa:rty]

Tutuş bir zadyň deň ýarysy, ýarymy.

  • Ýarty çörek olaryň hiç haýsyna ýok bolmakdy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  • Galdy ýarty bogdak däne, Bu ýetimleriň paýyna. (Çary Aşyr, Poemalar)

  • Gün hem ýarylan ýarty garpyz ýaly ýaňyja gyzaryp galypdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

ýarty tüýnük

seret tüýnük


Duş gelýän formalary
  • ýarta
  • ýartyja
  • ýartymam
  • ýartyny
  • ýartysy
  • ýartysyndan
  • ýartysyny
  • ýartyň