Derde ýaraýan, belli bir talaba laýyk bolýan, bir islegi kanagatlandyrýan.
Ýeri, ýeri haýyrly bolsun, bize ýaramly bolsun! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ýokumly, mazaly, lezzetli.
Ýaramly suw.
Ýaramly howa.
Göwne ýakymly, amatly, oňaýly, göwnejaý.
Ol oba adamlary üçin ýaramly. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Olar edip oturan gürrüňlerini goýup, oňa ýaramly sözler agtarýardylar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Ol örän hoşamatly we ýaramly bolup görünmek üçin bu zatlaryň baryny etmelidir diýip düşünýärdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)