ýaramazlyk ýa‧ra‧maz‧lyk

  1. Erbetlik, ýamanlyk.

    • Nurjahan hem öz dyganynyň ýaramazlygy barada edilýän gürrüňi diňlemäge onçakly höwesli däldi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Hil taýdan pese düşenlik, hili peslik.

  3. Ýokuş degmeklik, gowy görülmezlik, ýakmazlyk, halanmazlyk.

    • Aýdylan söz ýaramazlyk.

  4. Pes ýarawlylyk, nähoşluk, sagat dällik, tapsyzlyk.

  5. Edilýän talaba laýyk bolmazlyk, islegi kanagatlandyrmazlyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýaramazlyk - ýaramazlygy.


Duş gelýän formalary
  • ýaramazlyga
  • ýaramazlygy
  • ýaramazlygyna
  • ýaramazlygynda
  • ýaramazlygyndan
  • ýaramazlygynyň
  • ýaramazlygyň
  • ýaramazlykda
  • ýaramazlyklar
  • ýaramazlyklary
  • ýaramazlyklaryna
  • ýaramazlyklaryň