Maza bermek, hezil bermek, ýaramly bolmak, ýakmak.
Neneň, kurort ýaraýarmy?! Näçe semrediň?! -- diýip soraýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Belli bir talaba laýyk bolmak, peýdaly bolmak bir islegi kanagatlandyrmak.
Maňa bolsa edil alçaly ýag ýaly ýaraýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Diňe bir ýagtylygy däl, hep-hezillik, hemme zada-da ýarap dur. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gowy görmek, göwnünden turmak, halamak, islemek.
Täzegülüň aýdýan zatlary maňa gaty ýrady. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)
Olar-göwnüňize ýaranyny alyň! -- diýýärler. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Gurby, taby bar bolmak.
Şol kempiriň özi şu ýere gelmäge ýaraýarmy? («Görogly» eposy)