ýaraly ýa‧ra‧ly sypat

Ýarasy bar bolan, ýara salnan, ýaradar.

  • Meleguş onuň yzyndan ýetende, ýaraly gulan oňa bakan agzyny açyp topuldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol ýaraly aýagynyň ädigini çekip çykarjak boldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Emma gahrymanym ahmyrda galdy, Tenine degdi, ýaraly boldy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ýarala
  • ýaralady
  • ýaralam
  • ýaralydan
  • ýaralydygyny
  • ýaralydyr
  • ýaralylar
  • ýaralylara
  • ýaralylardan
  • ýaralylary
  • ýaralylaryny
  • ýaralylaryň
  • ýaralyny
  • ýaralynyň
  • ýaralysy
  • ýaralysyny