Goranmak, aw etmek ýa-da bir zady kesmek we ş. m. üçin ulanylýan esbap (tüpeň, pyçak we ş. m.).
Ata däli, Artyga golaý baryp: -- Sapançany bäri alsana, walla! Ýaragdan oýun bolmaz ahyry! -- diýip ýalbardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Nepes agany Gadamyň ýaragynyň astyna bermäň! Goý, ony başga biri operasiýa etsin! (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)
Olaryň biri aýal- biri-de erkek adam, ýanlarynda oraklaryndan başga ýaraglarynyň ýoklugy belli. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Belli bir maksada ýetmek üçin gerekli bolan serişde.
Birdenkä-de Nurjan peýda bolagadan: -- Her bolar-bolmazyň eline ýarag bolup düşýän oýnatgy eneden geçýän! -- diýäýse, Akmaýa diriligine ölmezmidi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Onuň göreş ýaragyna öwrüljegine hem men ynanýaryn. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Pyçak, gylyç we ş. m. ýaraglar.