Gelşik berýän, gelşikli bolan, ýaraşyp duran.
Ol garry ýaraşykly penjek geýnen gyza baka ýüzlendi-de: -- Bahar, halylary bärik getir! -- diýdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Kakaň seniň çaltlygyňy we atyň üstünde ýaraşykly oturyşyňy görüp öwdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Mynasyp bolan, mahsus bolan, has bolan.
Onuň ýadamazak elleri daýaw synasyna ýaraşyklydy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Onuň janly hereketlerine ýaraşykly ýiti nazary bardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)