Töreleşen adamlaryň arasynda geçirilýän barlyşyk, agzybirlik.
Öýkeleşeniň ýaraşygy şonda bolup biler, haçan ýaşňyşan tarap öz ýalňyşyny aňlap, ýalňyşanyny düzetmek üçin ýüreginde güýçli isleg dörese, şonda ol ýol hem tapar, ugur hem. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Uruş, sögüş, emma ýaraşyga ýer goý. (nakyl)
Uruşýan döwletleriň arasynda urşy ýatyrmak üçin geçirilýän ylalaşyk.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýaraşyk - ýaraşygy.
seret gelşik
Märekäniň ýaraşygy, Toý-baýramyň hozanagy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Işledikçe artýar gaýraty onuň, Ol guwanjy, ýaraşygy jülgäniň. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Mynasyplyk, mahsuslyk.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýaraşyk - ýaraşygy.