Tersleşen adamyň bilen barlyşmak.
Men seniň bilen ýaraşmak üçin geldim. Sen meni bagyşla! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ine gördüňmi, Durdy, Artyk bilen seniň ýaraşjakdygyňy men öňünden bilýärdim! -- diýdi. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)
Uruşýan taraplaryň arasynda urşy ýatyrmak üçin ylalaşyk etmek.
Gowy gelmek, gelşikli bolmak, görk bermek, gelişmek.
Onuň şu sypatyna ýraşyp duran ezýaka ak köýnegi bardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Mynasyp bolmak, mahsus bolmak, has bolmak.
Demirgyra ýaraşypmy biziň yzymyzdan kowup ýetmek! («Görogly» eposy)
Ýaman iş ýaman adama ýaraşar! (M. Ibrahimow, Ol gün geler)