ýara ýa‧ra at

Beden dokumalarynyň kä ýerinde belli bir täsir netijesinde ýetýän şikes, bedeniň şikes ýeten ýeri.

  • Naýza bilen, gundag bilen kän urup, Bedene köp ýerden saldylar ýara. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Ýaralylaryň köpüsiniň ýarasy ýeňledi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  • Batyr ýarasyz bolmaz. (nakyl)

dil ýarasy

Ýakmaz söz, göwün ynjadyjy söz.

  • Gider ynjalygyň bolmaz heziliň, Diýerler bitmezmiş ýarasy diliň. (A. Kekilow, Söýgi)

ýara simlemek

Ýara zarbygyp iriňlemek, berçigip çişmek, beterlemek.

ýarasyna deglen ýaly bolmak

Gaty ynjamak, örän güýçli täsir etmek.

  • Bu söz ussahananyň müdiri Guzubaýewe biçak ýokuş degdi, onuň ýarasyna deglen ýaly boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýarasyna duz sepmek

Dert üstüne dert goýmak.

  • Ol ýaranyň üstüne duz sepen ýaly bolup duýuldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýarasyny gozgamak

Derdini gozgamak, oduny ölçermek.

  • Ýaramy gozgama, ýer çeken! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýüregine ýara salmak

seret ýürek 1


Duş gelýän formalary
  • ýarada
  • ýaradan
  • ýaradanam
  • ýaradandyr
  • ýarady
  • ýaradylar
  • ýaradym
  • ýaradymy
  • ýaradyr
  • ýaradyňyz
  • ýaralam
  • ýaralar
  • ýaralar-da
  • ýaralara
  • ýaralarda
  • ýaralardan
  • ýaralarmy
  • ýaralary
  • ýaralarym
  • ýaralaryma
  • ýaralarymyň
  • ýaralaryn
  • ýaralaryna
  • ýaralarynda
  • ýaralaryndan
  • ýaralaryny
  • ýaralarynyň
  • ýaralaryň
  • ýaraly
  • ýaralydyr
  • ýaralylar
  • ýaralylara
  • ýaralylardan
  • ýaralylary
  • ýaralylaryny
  • ýaralylaryň
  • ýaralyny
  • ýaralynyň
  • ýaralysy
  • ýaralysyny
  • ýaram
  • ýarama
  • ýaramady
  • ýaramadyk
  • ýaramadymy
  • ýaramadymyka
  • ýaramy
  • ýaramyň
  • ýaranam
  • ýarany
  • ýaranydyr
  • ýaranyň
  • ýarasy
  • ýarasyn
  • ýarasyna
  • ýarasynda
  • ýarasyndan
  • ýarasyny
  • ýarasynyň
  • ýarasynyňky
  • ýarasyz
  • ýarasyzy
  • ýaraň
  • ýaraňy
  • ýaraňyzy