ýapylmak işlik

  1. Ykjam beklenmek, ýapyk bolmak.

    • Ýapyl, sandygym ýapyl! (D. Agamämmedow, Goşgular we pýesalar)

    • Koridoryň gapysy bat bilen açyldy-da, şarkyldap ýapyldy we «jark-jark» edip gelýän aýak sesi eşidildi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Gulplanmak, baglanmak, beklenmek.

    • Wagonlaryň gapylary berk ýapyldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Magazin ýapyldy.

  3. Üsti örtülmek, üsti basyrylmak.

    • Täze tamyň üsti örän oňat ýapyldy.

  4. Göçme manyda Günä, gara we ş. m. zatlar ýüklenmek.

    • Günä ýapylmak, şyltyk ýapylmak.

  5. Işlemegi bes etdirilmek, ýatyrylmak.

    • Şäherdäki ownuk dükanlar ýapyldy.

  6. Gutarylan bolmak, bes etdirilmek, tamamlanmak.

    • Mejlis ýapyldy.


Duş gelýän formalary
  • ýapylan
  • ýapylana
  • ýapylanda
  • ýapylandan
  • ýapylandy
  • ýapylandygy
  • ýapylandygyna
  • ýapylandygyny
  • ýapylandyr
  • ýapylanlygy
  • ýapylanmyş
  • ýapylansoň
  • ýapylany
  • ýapylanyndan
  • ýapylanyny
  • ýapylar
  • ýapylara
  • ýapylarda
  • ýapylardan
  • ýapylary
  • ýapylaryna
  • ýapylaryny
  • ýapyldy
  • ýapyldy-da
  • ýapyldymy
  • ýapyljak
  • ýapyljakdygy
  • ýapyljakdygyny
  • ýapylma
  • ýapylmady
  • ýapylmadyk
  • ýapylmaga
  • ýapylmagy
  • ýapylmagydyr
  • ýapylmagyna
  • ýapylmagynda
  • ýapylmagyndan
  • ýapylmagyny
  • ýapylmagynyň
  • ýapylmagyň
  • ýapylmak
  • ýapylmalar
  • ýapylmalarda
  • ýapylmaly
  • ýapylmalydyr
  • ýapylman
  • ýapylmandygyny
  • ýapylmandyr
  • ýapylmasa
  • ýapylmasy
  • ýapylmasynyň
  • ýapylmazdy
  • ýapylmazyndan
  • ýapylmazynyň
  • ýapylmaýan
  • ýapylmaýandygyny
  • ýapylmaýar
  • ýapylsa
  • ýapylsyn
  • ýapylyp
  • ýapylypdy
  • ýapylypdyr
  • ýapylýan
  • ýapylýanda
  • ýapylýandygy
  • ýapylýandygyny
  • ýapylýandyr
  • ýapylýança
  • ýapylýar
  • ýapylýardy
  • ýapylýarlar