Eliň bilen pugta tutmak, asylyşmak.
Men onuň düýesiniň owsaryndan ýapyşdym, berjek boldum. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Meniň ýakamdan bolsa ýaňky gygyryp gelen pyýada iki eli bilen ýapyşdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Ol çalasynlyk bilen baryp, ýüpe ýapyşdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
Degip ýelmenmek, ýelmeşmek, tutmak.
Degdi-de şapba ýapyşdy, dodagym dodagyňa. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Bir işi ýerine ýetirmäge ykjam girişmek.
Söýgüli kärine ýapyldy her kim, Beýik gurluşyga başlady halkym. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Ýoly ýörän ýeňer, işi-ýapyşan. (nakyl)
Ýapmaga kömekleşmek, bişirmäge kömek etmek (çörek, çelpek we ş. m. hakda).
Şu gün Jamaly gaýtarýarlar, şonuň çelpegini ýapyşmaga barýan! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Bir zadyň üstüni örtmäge, basyrmaga kömekleşmek.
Tamyň üstüni ýapyşmak.
seret ýarag
Ýaraglylar ýaraglaryna ýapyşdylar. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)