Ösümlikleriň howadan iýmitlenmegi hem-de gaz çalşygy üçin hyzmat edýän ýukajyk gök organy.
Ýaşyl ýapraklaryň arasy bilen göze kaklyşýan ýek-tük ak pamyklar ýalpyldaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Eliň ýüzi ýaly ýasy ýapraklar paşçarylyşyp gabarylýarlar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Suwly ýabyň boýundaky uzyn deregiň kümüş ýaly lowurdaýan ýapraklary ertiriň şemaly bilen oýnaklaşýardy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
Aýal-gyzlaryň köýnekleriniň öňüne dakynýan ýapraga meňzeş kümüş şaýy.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýaprak - ýapragy.