Bir zadyň üstüni örtmek, ýüzüňi basyrmak.
Ol ýüzüne ýapan ýorganynyň çetini bat bilen serpip, töweregine diň sady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Özi pilot keltekçesinde galyp, içmegini onuň üstüne ýapdy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Ol kiçijik gapagy şyrkyldadyp ýapdy-da, aýaklarynyň daraklygyna basyp, koridor bilen gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol dükanyny ýapmaga mejbur boldy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Bişirmek üçin damdyryň gazanyň ýüzüne ýelmemek (çörek we ş. m. hakda).
Nany tamdyr gazanda ýap. (nakyl)
Göçme manyda Boýnuna ýüklemek, üstüne atmak (güna, gara we. ş. m. hakda).
Al gerek bolsa, indi hem maňa ogrulyk ýapýamyň?! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Annatagan aga diýýän-a, agzyňdaky ýydyrawuklaryň bary gidip, diňe kentlewügiň galanda, aka bişen eti çeýnäp bilmäniňiň günäsini kime ýaparkaň?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
«Bagta batsaň, boýuňça» diýipdirler, şyltak ýapanyňa görä, düzüwlije ýap! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Işlemegini bes etdirmek, ýatyrmak, duruzmak.
Maňa gaty zerur bolan şol jaýlary salyp bermeseňiz, fermany ýapmak gerek. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)
Sen bolsaň işläp duran skwažinalary hem ýapmak isleýärsiň. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Bes etmek, gutarmak, tamamlamak.
Ýygnagy ýapmak, mejlisi ýapmak.
Gepleşik dili Urmak, ýençmek.
Sem bol! -- diýip, urýadnik Rybiniň gulagynyň düýbüne ýapdy. (M. Gorkiý, Ene)
Bardy-geldi, bir pişik gapdalynda oturyp daranaýsa, pişigiň böwrüne eliniň tersi bilen ýapardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
seret gol 1