[ýapaşa:k]
Ýapgyt ýer, aşaklygyna eňňit ýer, eňňit, ýapy.
Maşyn ýapaşakdan düşüp bilmedi.
Ýokardan aşak, aşaklygyna.
Çerkeziň gökje taýharynyň keýigiňki ýaly ýitije toýnaklary kötel ýodajygyň kä ýerine çümüp, kä ýerde gyýçak gara daşlara ilgençek ýaly ilip, hatarly ýerlerde aýaklary wawaly ýaly ätleýärdi-de, Çerkezi ýapaşak alyp gelýärdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Hoşgeldi: -- Ine, gördüňizmi, ýapaşak inýän siliň edýän işini! -- diýip, gaty ses bilen gürledi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýapaşak - ýapaşagy.