[ýa:p]
Suw goýbermek, akdyrmak üçin çuň bolmadyk aryk.
Şol obanyň ortasyny bölüp geçýän kiçijik ýabyň ýalpajyk, durnaň gözi ýaly suwy buldurap, şagyrdy bilen seslenip akýardy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Biri ýerin dörüp, birisi ekýär, Biri ýabyn gazyp, kartasyn çekýär. (A. Kekilow, Söýgi)
Ýap näçe arassa bolsa, şonça hem suw gowy akyp, ekinlerimizi tiz suwarar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýap - ýabym, ýabyň.