ýanmak ýan‧mak işlik

  1. Ot alyp tutaşmak, otlanyp tutaşma.

    • K. Ogulgerek oduň tüsseläp ýanmagyna garaman, öýüň sepgidini çekdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Hälki ýanýan küdäniň ýanyna bardylar, emma Aýtguludan derek tapyp bilmediler. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Ýagty bermek, yşyk bermek, yşyklanmak.

    • Ýalpyldap ýanýan elektrik çyralary Gumdagyň köçelerini gündizlige öwrülýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Ot ýa-da başga bir gyzgyn zadyň täsiri zerarly bişip pökgermek, gabarmak, köýmek.

    • Gaýnan suwf dökülip, onuň aýagy ýanypdyr.

  4. Günüň howry zerarly garalmak.

    • Begenjiň bugdaýreňk ýüzi güne ýanypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  5. Göçme manyda Horluk çekmek, azap çekmek, jepa çekmek, gam-gussa çekmek.

    • Seni gözümem görmesin, janymam ýanmasyn! -- diýip, ony çuwalyň düýbüne goýberdim. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

gününe ýanmak

seret gün

oduna ýanmak

Biriniň ugrunda heläk bolmak, köýüp-bişmek.

ýoguna ýanmak

seret ýok 2

  • Munuň tizräk ýoguna ýanmak gerek! (A. Gowşudow, Mähiri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • ýanam
  • ýanan
  • ýanana
  • ýananda
  • ýanandan
  • ýanandygy
  • ýanandygyny
  • ýanandyr
  • ýananlar
  • ýananlarym
  • ýananlyk
  • ýananmy
  • ýananok
  • ýanansoň
  • ýanany
  • ýananym
  • ýananyma
  • ýananymy
  • ýananynda
  • ýananyndan
  • ýananyny
  • ýananyň
  • ýananyňa
  • ýananyňmy
  • ýanar
  • ýanar-da
  • ýanardy
  • ýanardym
  • ýanarlar
  • ýanarmy
  • ýanarsyň
  • ýanary
  • ýanaryn
  • ýanaryna
  • ýanaýdy
  • ýanaýsa
  • ýanaýyn
  • ýandy
  • ýandy-da
  • ýandygy
  • ýandygyna
  • ýandygyndan
  • ýandygyny
  • ýandygynyň
  • ýandygyňy
  • ýandyk
  • ýandyklaryny
  • ýandylar
  • ýandym
  • ýandyr
  • ýandyň
  • ýangyn
  • ýanjagyny
  • ýanjak
  • ýanma
  • ýanmadyk
  • ýanmadykdan
  • ýanmadym
  • ýanmaga
  • ýanmagy
  • ýanmagydyr
  • ýanmagyma
  • ýanmagyna
  • ýanmagyndan
  • ýanmagyny
  • ýanmagynyň
  • ýanmagyň
  • ýanmajak
  • ýanmak
  • ýanmakdan
  • ýanmaklarynyň
  • ýanmaklygy
  • ýanmaklyk
  • ýanmaklykdan
  • ýanmalar
  • ýanmaly
  • ýanmalydygy
  • ýanman
  • ýanmandygyny
  • ýanmany
  • ýanmanym
  • ýanmanyň
  • ýanmasa
  • ýanmasak
  • ýanmasaň
  • ýanmasy
  • ýanmasyn
  • ýanmasyna
  • ýanmasyny
  • ýanmaz
  • ýanmazdym
  • ýanmazlygynyň
  • ýanmazlyk
  • ýanmaýan
  • ýanmaýandygym
  • ýanmaýanlygy
  • ýanmaýany
  • ýanmaýar
  • ýanmaýardy
  • ýanmaýyn
  • ýanmyş
  • ýansa
  • ýansa-da
  • ýansam
  • ýansam-da
  • ýansaň
  • ýansyn
  • ýanyp
  • ýanypdyr
  • ýanypdyr-da
  • ýanypmy
  • ýanyň
  • ýanýan
  • ýanýandygy
  • ýanýandygyna
  • ýanýandygyny
  • ýanýanlygy
  • ýanýanlygyny
  • ýanýany
  • ýanýanyny
  • ýanýar
  • ýanýardy
  • ýanýardylar
  • ýanýardym
  • ýanýarlar
  • ýanýaryn
  • ýanýarys