[ýa:njyk]
seret ýanbaş
Özümizem bilýäs, ýanjygyň ýazmadyk bolsa, köçeden aýlan-da geçäý! -- diýdiler. («Tokmak» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýanjyk - ýanjygy.
[ýa:njyk]
Içine ony-muny salmak üçin gaýyşdan tikilýän gapjyga meňzeş gap.
Poşçy oňa ýanjygyndan çykaran hatyny uzatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol şol hemişeki ak donuny geýnip, däri guty, serkeç, ýanjyk, çakmak demri diýen gadymy zamanyň esbaby bolan aňry-bäri, şakyr-şukurlary guşagyndan asyşdyrypdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýanjyk - ýanjygy.