Dwigatelleri herekete getirmek üçin peýdalanylýan suwuk haldaky madda (nebit, benzin we ş. m.).
Häzir biziň ýangyç bilen ýöreýän kiçijik stansiýamyz işleýär. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Çünki kirlän sweçkalar dinamodan motordaky ýangyja ot bermäge geçýän togy goýbermeýärdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýangyç - ýangyjy.