ýandak ýan‧dak

Botanika Baldagy tikenli, ownuk gyzyl gülli, mal iýmiti hem-de ýalaňy odun hökmünde peýdalanylýan ösümlik.

  • Ýandagyň gülüne, ýapragyna guwanyp, uçup onuň üstüne gonanda, aýagyna ýandagyň tikeni urýar. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  • Ýa-da olar «Ýandagy bassaň küde bolar, bedäni bassaň-pide» diýen nakyla uýýarlarmyka? («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýandak - ýandagy.


Duş gelýän formalary
  • ýandaga
  • ýandagy
  • ýandagymy
  • ýandagyň
  • ýandagyňa
  • ýandak-da
  • ýandakda
  • ýandakdan
  • ýandakdygyna
  • ýandaklar
  • ýandaklar-da
  • ýandaklarda
  • ýandaklary
  • ýandaklaryň
  • ýandakly
  • ýandaklyk
  • ýandaklykdan
  • ýandaklynyň