[ýa:nbaş]
Anatomiýa But süňküniň çanaklyk bilen birleşýän gapdal tarapy, gapdal, ýan.
Jüp jyga bardyr başynda, Tylla pyçak ýanbaşynda. («Görogly» eposy)
Ol gidip barýarka iki eli bilen ýanbaşlaryna şarpydadyp urýardy we aýaklaryny ýere patdyldatýardy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Sen porsy agzyň çala goýberme! -- diýip gygyrdy-da, ýanbaşyny sermedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Türkmen göreşinde: gardaşynyň aýagynyň daş tarapyndan badak salyp, ony ýanbaşyna göterip ýykmak emeli.
Göter, ýyk, ýanbaş sal, ýyk! («Görogly» eposy)