ýanamak ýa‧na‧mak işlik

[ýa:namak]

  1. Gapdalyna getirmek, ýanaşdyryp goýmak.

    • Galpakly irden turup, eşegi ahyra ýanady-da, üstüne mündi. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  2. Ýanyn ýatyp, çagany emdirmek.

    • Çagalaryny ýatyryp, kiçisini ýanap gyşaran aýaly: -- Pökgen, göwnüme bolmasamy, seniň kelläňdäki öňki akylyň däl ýaly görýän! -- diýen ýerinde, Pökgen onuň sözüniň arasyna düşdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Göçme manyda Birini nähak ýerden günäkär etjek bolmak, şyltak atmak maksady bilen biriniň yzyna düşmek, ugursyz töhmetler bilen gysmak, azar bermek.

    • Indi Gulman seniň bu işiňi boş geçirmez, indi ol bizi al ýanan ýaly ýanar, belki, işimiz süýde-gatyga-da düşer. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Olar meni ýok etjek bolup, ýanap ýörýärler, şytlyk gözleýärler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  4. Göçme manyda Deňemek, ýakynlatmak, meňzetmek.

    • Toýa gelen ýaşulylaryň, garry aýallaryň käbirleri ony Muhammediň, Mustapanyň, Hudaýyň adyna ýanap at dakmagy maslahat berdiler. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • ýanady
  • ýanady-da
  • ýanam
  • ýanama
  • ýanamaga
  • ýanamagy
  • ýanamagyny
  • ýanamagynyň
  • ýanamak
  • ýanamalar
  • ýanamalara
  • ýanamalardan
  • ýanamalaryna
  • ýanamalarynda
  • ýanamalaryndan
  • ýanamalarynyň
  • ýanamalaryň
  • ýanamaýan
  • ýanan
  • ýanana
  • ýananda
  • ýanandan
  • ýanandygy
  • ýanandygyny
  • ýanandyr
  • ýananlar
  • ýananlarym
  • ýananlyk
  • ýananmy
  • ýananok
  • ýanansoň
  • ýanany
  • ýananym
  • ýananyma
  • ýananymy
  • ýananynda
  • ýananyndan
  • ýananyny
  • ýananyň
  • ýananyňa
  • ýananyňmy
  • ýanap
  • ýanapdy
  • ýanapdyr
  • ýanapdyrlar
  • ýanar
  • ýanar-da
  • ýanardy
  • ýanardym
  • ýanarlar
  • ýanarmy
  • ýanarsyň
  • ýanary
  • ýanaryn
  • ýanaryna
  • ýanasam
  • ýanaýandyrlar
  • ýanaýardy
  • ýanaýdy
  • ýanaýsa
  • ýanaýyn