ýanaşyk ýa‧na‧şyk

[ýa:naşyk]

Biri-birine golaý biri-birine ýakyn bolan, gapdalynda ýerleşýän, bile.

  • «Täze durmuş» kolhozynyň sürülerinden şu ýerde üç süri goýun ýanaşyk gezýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Onuň bilen ýanaşyk ýatan Aman poşy şol mahal oýanyp: -- Häý, Sähet! -- diýip seslendi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Jemal ejeňiz bilen ýanaşyk oturyp içer ýaly gurşunly gök çaý hem aldym. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýanaşyk - ýanaşygy.

ýer ýanaşygy bolmak

seret ýer

  • Elliniň kakasy erbet adam däl ýalydy, biz onuň bilen birnäçe ýyllap ýer ýanaşygy bolup, ekin ekipdik -- diýip, Pökgen özbaşyna hümürdeýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • ýanaşygy
  • ýanaşygymam
  • ýanaşygyň
  • ýanaşygyňyz
  • ýanaşyklygyna
  • ýanaşyklyk