[ýa:n]
Bedeniň, göwräniň sag ýa-da çep tarapy, böwür.
Gaty keçaniň üstünde ýanlary agyrypü iki ýana agdarylýarlar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Ýerden galandyr ýanymyz. Işden aýamyzok janymyz. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Murgabyň iki ýany tä Mary şäherine barýança kolhoz posýology. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Olar samany bir ýana, bugdaýy bir ýana saýladylar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Geýim-gejimiň we ş. m. goltukdan aşak syýyna çenli bolan aralykdaky bölegi.
Kürtäniň ýany.
Çabydyň ýany.
Bir zadyň gapdaly, gapdal tarapy, ýakyny, golaýy.
Jany agyrmadygynyň ýanynda başym agyrýa diýme. (nakyl)
Ýan bermek, egrelmek.
Demir ýol biraz aşak epilen ýaly ýan berse-de, demirleriniň sepleri açylmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bir zatdan basylmak, asgynlamak, ejizlemek.
Mawynyň ýan berenini görenden soň bolsa: -- Şol arzuwyma ýetdim -- diýip oýlandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýeňňe! -- diýip, ýalynjaklap, ýan berip, Öýe girip, kül üstünde oturdym. (B. Kerbabaýew, Poemalar)
Diýen etmezlik, öz diýeniňi etjek bolmaklyk, sözde basylmazlyk, asgynlamazlyk.
Pagtaçylyk bölüminiň başlygy ýan bermedi. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)
seret ýer
seret ýoldaş
Bir ýüzli bolmak, ýykylmak.
Şu işiň ugrunda men siziň bilen tä ýanym ýere deginçä gidişerin! (A. Guwşudow, Köpetdagyň eteginde)
Örän arkaýyn bolmak, bir zat hakda ynjalykly bolmak.
Myhman, seniň ýasy ýanyň ýerde bolaýsyn! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)