Birine zyýan ýetirmek üçin bilkastlaýyn edilýän hereket, hyýanatçylykly edilýän iş, birine edilýän erbetlik.
Garly ussa daýhanlara hiçbir ýamanlyk getirmez. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Eje jan! Men hiý-de saňa ýamanlyk ederinmi?! -- diýdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir. (nakyl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýamanlyk - ýamanlygy.